Gün hanjary gökden ýere inende,

Güne garşy dogan Aýy gözel sen !

Ussa Japar işi ,senjap jüpbesi ,

Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen!

 

Saçbagyñ ujunyñ simdir işmesi,

Üstünden ýol düşse,kyndyr aşmasy,

Agzyñ-aby haýat, Zemzem çeşmesi,

Aýn-al baky suwnyñ laýy, gözel sen!

 

Gyzyl diýsem-gyzyl,al diýsem-alsen,

Hindistanda-şeker,Bulgarda –bal sen,

Yşk bilen açylan bir täze gül sen,

Ýusup-Züleýhanyñ taýy, gözel sen!

 

Herkim güçli bolsa oña"pir"diýrler,

"Dertli gülüñ dermanyny biýr" diýirler

"Gawunyñ yagşysyn şagal iýr"diýirler

Ykbally bendäniñ, paýy gözel sen!

 

Owazyñ Çyn-Maçyn,daglar aşasy,

Seni görenleriñ akly çaşasy,

Hindistanyñ reñkli gyzyl şişesi,

Suraýy çilminiñ naýy gözel sen!

 

Magtymguly halkdan syryn gizlese,

Dişini uşadyñ ,ýalan sözlese ,

Owalda, ahyrda eýäm gözlese,

Garyp biçäräniñ paýy, gözel sen!

Powered by OrdaSoft!