Dogulan wagty we ýeri: 9.5.1912, Aşgabat, Çandybil etrabynyň Köşi obasy

Aradan çykan wagty we ýeri: 13.12.1974, Aşgabat

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Aman Kekilow 1912-nji ýylda, Aşgabat şäheriniň ýanyndaky Köşi obasynda, daýhan maşgalasynda eneden dogulýar.

Şahyr ýaşlygynda ýetim galyp, agasy Şalynyň elinde terbiýelenýär. Garyp doganlar esli wagtlap ýetimligiň, ýeter-ýetmezligiň ejirini çekýärler. Aman Kekilow 1922-nji ýylda Ilbaýew adyndaky mekdep internata ýerleşýär. Şundan soň şahyryň durmuşynda täze sahypa açylýar. Ol 1924-nji ýylda internaty gutaryp, Aşgabat şäherindäki pedagogik tehnikuma kabul edilýär. Aman Kekilow entek tehnikumy gutarmanka, “Pioner” žurnalynyň sekratarlygyna bellenilýär. Tehnikumy gutarandan soň hem ol bu wezipede bir ýyl işleýär. Soňra öz tamamlan tehnikumynda mugallymçylyk edýär. Ylymyny artdyrmak höwesi ony Türkmenistanyň Magaryf halk komissarlygynyň garamagyndaky institutyna (1931-1933), soň bolsa Moskwadaky taryh, filosofiýa we edebiýat institutyna (1935-1939) alyp gelýär. Şahyr ýokary bilim alansoň, aspirantura okuwa girýär. Ol 1943-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty, 1959-njy ýylda bolsa filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine eýe bolýar. Aman Kekilow ençeme ýyllap ýokary mekdeplerde, soňundan Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işledi. Şahyr 1974-nji ýylda aradan çykýar.

DÖREDIJILIGI:

Şahyryň şygyrýeti

Aman Kekilowyň edebiýata we çeper söze bolan höwesi gaty ir wagtdan başlanýar. Edebiýata, çeper söze bolan çäksiz söýgi Amanda goşgy ýazmaklyga ymtylyş döredýär. Şonuň netijesinde-de, onuň 1928-nji ýylyň 18-nji maýynda “Türkmenistan” gazetinde “Oba mugallymlaryna” atly ilkinji goşgusy peýda bolýar. Bu goşguda, adyndan belli bolşy ýaly, oba mekdeplerinde ylym, medeniýet ýaýradýan daýhan çagalaryna bilim berýän oba mugallymlary barada söz açylýar. Ilkinji goşgusynyň respublikan metbugatynda peýda bolmagy Aman Kekilowyň kalbyny joşa getirýär, ony çäksiz hyjuwlandyryp, ylhamyna ganat bekleýär. Ol şundan soň gündelik ýüze çykýan möhüm wakalara şahyrana söz bilen aýny wagtynda seslenip durýar.

Döredijilik işine ilkinji gadam basan döwürlerinde şahyr çagalar durmuşyna köp üns berýär. Aman Kekilowyň çagalaryň durmuşyna köp üns bermegi onuň “Pioner” žurnalynda işlänligi bilen baglanyşyklydyr. Şahyr çagalara bagyşlap “Oglanlar hem kitap”, “Guşlar”, “Haýwanlary çagyrmak” ýaly birnäçe eserler döretdi.

Şahyr 20-30-njy ýyllarda öz döwrüniň talabyna görä birnäçe goşgudyr poemalar ýazdy.

Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Aman Kekilow “Egri azar, dogry ozar”, “Kawkaz”, “Watan”, “Günbatara” ýaly birnäçe kämil eserler döretdi. Şahyryň “Watan” atly goşgusy, adyndan belli bolşy ýaly, çuňňur watançylyk ruhuna ýugrulan eserdir:

Ençe agyr günleri geçirdiň başdan, Watan,
Gezeldi ganly penje içden hem daşdan, Watan,
Aýra düşdüň ah çekip, dogan-gardaşdan, Watan,
Açylmandy hiç wagt gözüň talaşdan, Watan,
Ganly göreşde ösdüň, düşmediň güýçden, Watan.

Şahyryň poemalary

Aman Kekilow ir wagtdan başlap liriki goşgular bilen birlikde mazmunly eserleri döretmäge-de girişýär. Bu babatda onuň ilkinji synanyşygy 1932-nji ýylda ýazan “Geçen günlerim” atly poemasydyr. Şahyr bu eserini 1940-njy ýylda täzeden işläp, üstüni ýetirýär we çeperleşdirýär.

Şahyryň “Öňe” atly poemasy (1934) öz döwrüniň iň bir dawaly meselesi bolan kolhoz gurluşy baradadyr.

Şahyr 1939-njy ýylda “Soňky duşuşyk” atly poemasyny ýazýar. Bu poema dili we çeperçiligi taýdan öňki eserlerinden has kämil ýazylandyr. Poema 1917-nji ýylyň öňüsyrasyndaky we 20-nji ýyllaryň başlaryndaky türkmen obasynda bolup geçen waka bagyşlanypdyr.

Aman Kekilowyň “Çopan we patyşa”, “Küýze we tilki” atly poemalary türkmen halk ertekileriniň esasynda ýazylandyr. Şahyr olara täze reňk, täze öwüşgin berdi, mazmunyny çuňlaşdyrdy. Netijede halk arasynda belli bolan bu ertekiler şahyryň ýiti galamynyň aşagyndan has hem kämil bolup çykdy.

Şahyr “Ölüm penjesinden” we “Gahryman gyzlar” atly poemalaryny 1942-nji ýylda ýazýar.
Bu eserleriň ikisi-de Ikinji Jahan urşunyň wakalaryna bagyşlanypdyr. “Ölüm penjesinden” atly poema bu ýyllarda Türkmenistanda ilkinji bolup Sowet Soýuzynyň gahrymany diýen beýik ada mynasyp bolan türkmen halkynyň şöhratly ogly Gurban Durda bagyşlanýar.

Şahyryň romanlary

Şahyra uly hormat getiren onuň goşgy bilen ýazylan “Söýgi” (1947-57) romanydyr. Bu roman türkmen we rus dillerinde neşir edildi. Kekilow soňky ýyllarda proza žanry bilen gyzyklanyp başlady. Onuň iň soňky ýazan eseri Türkmenistanda geçirilen ýer-suw reformasyna bagyşlanylan “Syrylan bulut” (1974) romanydyr.

ESERLERI BARADA GIŇIŞLEÝIN:

“Söýgi” romany. Eser türkmen edebiýatynda täzelik bolan şygyr bilen ýazylan ýeke-täk romandyr. Eseriň temasy hem baş pikiri söýgi. Eseriň baş gahrymanlary Ogulnabat, Begenç hem Akmyratdyr. Romanda boýdan-başa şu üç ýaş juwanyň durmuşy yzarlanýar. Bu barada şahyryň özi şeýle diýýär:

Üç sany ýaş ynsan baş gahrymanym,
Olara bagş etdim men bu dessanym.

Eserde wakalar adaty türkmen obasynda bolup geçýär. Romanyň baş gahrymanlary Ogulnabat hem Begenç obada önüp-ösen sada türkmen ýaşlary. Olar bir mekdepde okap, bile oýnap ulalýarlar. Ýaşlygyndan olar biri-birine örän mylakatly, sylaşykly garaýarlar. Soň bu mylakatlylyk söýgä ýazýar. Ýaşlar süýji-süýji arzuwlar, uly-uly höwesler bilen ýedi ýyllyk oba mekdebini tamamlaýarlar. Ganym uruş ýaşlaryň toý tutmak baradaky mukaddes arzuwlarynyň öňüne böwet bolýar. Begenç urşa gidýär. Ogulnabat bolsa, oba mekdebinde mugallymçylyk kärini ussatlyk bilen ele alýar. Şol ýerde-de Magaryf ministrliginden mekdebi barlamaga gelen Akmyrat oňa söz aýdýar. Emma asylly maşgala bolan Ogulnabat Akmyrada Begençden gelen haty berýär. Akmyradyň ýüregi lerzana gelýär, öz-özüni ýigrenip gezýär.

Begenje edil ýagyş ýaly ýagýan gülleleriň aşagynda-da, jan alnyp, jan berilýän garpyşykly söweşlerde-de Ogulnabadyň päk söýgüsi medet berýär. Begenç uruşdan ýaraly bolup dolanyp gelýär. Ogulnabat onuň bir aýagyny watan ugrundaky söweşlerde galdyryp gelendigine seretmezden, ony öňküsi ýaly söýýär, oňa buýsanýar. Ejesiniň bir maýyba gül ýaly gyzymy beribilmen diýen sözüne ol şeýle jogap berýär:

Dyzyna berýäňmi gyzy oglanyň?
Maňa gerek zady ýüregi onuň.

Netijede, gyzyň päk söýgüsi ejesiniň garşylygyndan üstün çykýar. Ýaşlar durmuş gurýarlar. Emma bularyň şatlygy uzaga çekmeýär. Nägehan urşuň Begenjiň bedeninde galdyran ganym güllesi ýaşlaryň bal gününe awy gatýar. Begenç aradan çykýar. Birbada bu ajy aýralyk Ogulnabadyň ýüregini sarsdyrýar, ony çykyp bolmajak gam laýyna batyrýar. Ogulnabadyň bu agyr ýagdaýyny obadaşlary hem ýakyn adamlary deň paýlaşýarlar hem oňa hemme taraplaýyn ruhy goldaw berýärler, ony ýeke goýman, halyndan habar alýarlar, täzeden durmuşa ruhlandyrýarlar. Şahyr bu ýagdaýlary oba ýaşulusy Oraz aganyň hereketleri we Ogulnabada ata hökmünde berýän maslahatlary arkaly has aýdyň açyp görkezýär. Begençden galan ýalňyz guwanjy Öwezjik onuň ýaraly ýüregine melhem bolýar. Ogulnabat täzeden durmuşa dolanýar, işlemäge başlaýar, soň Aşgabada okuwa gidýär. Şol ýerde-de ýokarda adyny agzan gahrymanymyz Akmyrada duşýar. Ogulnabadyň ýagdaýyndan habarly bolan Akmyradyň ýüregindäki söýgi uçguny täzeden tutaşýar. Ýöne olaryň öňünde türkmen ruhuna ýat bolan “dul geline boý ýigidiň öýlenmeginiň” gaty geň görüljekdigi baradaky mesele ör boýuna galýar. Akmyrat bu kynçylyklary we dürli garşylyklary öz arassa ahlagy, ýokary düşünjesi, belent adamkärçiligi bilen ýeňip geçmegi başarýar, netijede bolsa, ol Ogulnabadyň ýüreginde müdimilik orun tapýar.

“Çopan we patyşa” ertekisi. Bu etrekide garyp çopan we onuň aýalynyň gün-güzeranlaryny zordan dolandyryp, hor-homsy ýaşaýandyklary, olara Kör garganyň eden kömegi, patyşanyň açgözlügi, sütemkärligi hakynda gürrüň berilýär. Ertekide mydama adalat adalatsyzlykdan üstün çykýar. Halk zähmetkeşler üçin ýagty günüň geljegine ynanýar. Munda hem ýönekeý garyp çopan jadyly güýçleriň kömegi bilen ynsapsyz hem zulumkär şany, onuň wezir-wekillerini, han-beglerini, nökerlerini ýer bilen ýegsan edýär.

Çopan ilki köp horluklary çekýär. Garyplyk zerarly çopan ýaşy bir çene baranda öýlenýär. Özi ýaly garyplaryň kömegi bilen bir sümelge salynýar.

Çopan göwni açyk, sada, ynanjaň adam bolandygy sebäpli, kör garganyň beren wadasyna ynanyp, ony halas edýär. Garyp çopan özüniň tapan baýlygyny bütün zähmetkeş halk bilen şol sanda patyşa we onuň wezir-wekilleri bilen hem paýlaşmak isleýär. Emma doýmaz-dolmaz patyşa we onuň wezir-wekilleri çopanyň elinden tapan baýlygyny alýarlar. Ýurtda häkimlik edýän şada adalatdan, parasatdan nam-nyşan galmaýar. Ol garyp zähmetkeş köpçüligini ezýär we jebir-sütem astynda saklaýar. Gaýtawul berenleriň kellesini kesdirýär. Emma zuluma, süteme, zorluga daýanan häkimiýet uzak saklanyp bilmeýär. Kör garganyň kömek etmegi netijesinde patyşany we onuň wezir-wekillerini öldürýär.

Şahyr bu ertekiniň üsti bilen patyşanyň mekir, hilegär, mugthor, garyp zähmetkeşleriň ganyny sorýan, öz eklenjini zähmetkeş halkyň üstüne atan zalym baýlary ýazgarýar.

Çeşmeler:

1. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 4, sah.282-283

2. Edebiýat. 4-nji klas. sah.34-47

Powered by OrdaSoft!