Durmuş bu oýnuny bildirmän goýmaz,
Ol aglatman goýmaz, güldürmän goýmaz,
Batyryñ zarbasy sowular gider,
Gorkak bir ýapyşsa, öldürmän goýmaz!

***
Gapydan kowdular, törden kowdular,
Öýläne-de goýman, irden kowdular,
”Sesiñ sesimize meñzänok” diýip,
Gargalar bilbili hordan kowdular.

***
Tanyşyn, bilişin, görenin satýar,
Haryt alyp, haryt berenin satýar,
Ol tirýek satardy Käbä gitmänkä,
Hajy bolup gelip, geroin satýar!

***

Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy,
Boldy, dili kelte Amana boldy,
Zyñan köwşüñ bilen kowan aýalyñ
Gözläp ýörmeli bir zamana boldy.

***

Çeýnäniñ, ýuwdanyñ gumana boldy,
Hezillik Laçyna, Jemala boldy,
Düzeler-dä diýip, çak urýar kimler,
Emma düzeljegi gümana boldy.

***

Eziz adam derman seniñ dyrnagyñ,
Ýöne hakykady gaty görmegin,
Dogry aýdýañ, türkmen dürtmeseñ duýmaz,
Ýöne duýandan soñ dürtüp ýörmegin.

***

Bu durmuşda adalat kän, göreş kän,
Ýöne muña adalatlyk ýaraşýar,
Deñziñ kenaryna zyñlan balyk men,
Bir tolkunyñ gelerine garaşýan.

***

- ”Eşegiñ kellesine tylladan taññyr,
Düñder” – diýip, biri aýdypdyr öñ bir,
Eýder-beýder bildir eşekligini,
Ýa gulagyn çykar, ýa elhenç aññyr.

***

Gurbagany uçýar diýip ýamanlar,
Pyşbagany gaçýar diýip ýamanlar,
Eger ol Hudaýyñ öýün tapaýsa,
Muhammedi içýär diýip ýamanlar.

***

Gepleşilýän ýerde gepe düşerler,
Düşünmedik ýañsa alar, üşerler,
Eşeklerem juda akmak saýmagyn,
Eşek bolsañ, arasyna goşarlar.

***

Ýüregim bir erbet bulandy bu gün,
Göwnüm gaýga batdy, elendi bu gün,
Ak bazarda esräp duran ak iner
Eşek bahasyna dilendi bu gün.

***

Her geçip gideni gazdyr öýüdýär,
Her şemal öwsende ýazdyr öýüdýär,
Bir gün depesinden birje hoz gaçdy,
Indi bar agajy hozdur öýüdýär.

***

Käte gyşym, käte mylaýymym bar,
Eden işlerine müñ kaýylym bar,
“Jan” diýsem, emgenmän janymy aljak,
Ştatdan daşary Ezraýylym bar.

***

“Gepleme” diýýärsiñ, men name malmy?
Öñräkden gelýändir hakykat ylmy,
Atlananlar atasyny tananok,
Atasam tananok: oglumy, dälmi…

***

Diýmäñ: ”Amana-ha uşaklaýandyr”,
Susak tapmadyklar kaşyklaýandyr,
Nesip bolsa, setir baryn tirkärin,
Galyñ düşmekçi gar uşaklaýandyr.

***

Bu durmuşda işiñ telek bolmaly,
Goçam bolsañ, kelläñ kelek bolmaly,
Künti seni öýne çagyrsyn diýseñ,
Ýedi arkañda ýeke jelep bolmaly.

***

Gylygyna düşýär, oduna düşýär,
Köwsaryna düşýär, badyna düşýär,
Takwanyñ baru-ýok algy-bergisi,
Namaza duranda ýadyna düşýär.

***

Durmuş pelsepesi irizdi halys,
Indi ýakyn bolup görnenok alys,
Gapymyzda iki maşyn saklanýar,
Birisi tiz kömek, birisi polis.

***

Hany bir bakaýyn, göreýin çykýar,
Ajal hanjaryna gara gyn çykýar,
- ”Kurandan nur çykýar” diýýärsiñ, hajy,
Seniñ kitabyñdan geroin çykýar.

***

Dury suw gaýnatdyk, goýaljak boldy,
Tiz bitýän işlermiz haýaljak boldy,
Käbä gidip ant içip dur kezzaplar,
Mekge-Medine-de oýunjak boldy.

***

Göz alnymdan ençe gowulyk geçdi,
Gowulyk mydama öwülip geçdi,
Şir ýoluny pişik tutdy pezzerip,
Şir şirligin etdi – sowulyp geçdi.

***

Dünýe üçin tämiz ellerim taýýar,
Ýöne käte öñe geçäýýär haýýar,
Haly dokan gelin ýer dyrmap otyr,
Nas satan bazary göçürip barýar.

***

Gül arzysy gülzar gülde tapylsa,
Dil arzysy şeýda dilde tapylsa,
Telpek baryn tikdi telpek ussamyz,
Indi geýer ýaly kelle tapylsa.

***

Ynanmazdym muny biri aýytsa,
Göwnüm ýa-da şeýleräkdir öýütse,
Başyñ dikkä pişik bolup süýkenen
It bolup topulýar, işiñ gaýytsa.

***

Ýapyldy gapylar, unduldy törler,
Ýol-ýodalar ýitdi, sümsünşip ýörler,
Batyllar şährinde ýeke göz şady,
Onuñam gözüni çykardy körler.

***

Söwda häli-häzir entek goýberiñ,
Danany goýberiñ, tentek goýberiñ,
Aýal gitse, açylýandyr etegi,
Rysgy joşar ýaly erkek goýberiñ.

***

Jaýlaryñ ornunda haraba-da ýok,
Türkmene, buluja arabada ýok,
Her öýde bir maşyn bolar öýderdik,
Her öýde bir eşegaraba-da ýok.

***

Tüm deý tokaýlarda atyñ siz hallan,
Size berekedi berilen Allañ,
Goý, diýsinler geldi amatly pursat,
Eý, eziz maýmynlar, adam bir bolmañ!

***

Olañ täsin, uly hyýallary ýok,
Wah, o ýanlary ýok, bu ýanlary ýok,
Nämüçin aýallar uzak ýaşaýar?
Sebäbi olaryñ… aýallary ýok!

***
Bu señ öz ýeriñde goýuldygyñdyr,
Täleýden sypmarsyñ diýildigiñdir,
Semredilýän bolsañ, bilip goýgunyñ:
Eý goýun, jan goýun – soýuldygyñdyr!

***

Powered by OrdaSoft!