Tanyş owaz eşidilýär uzakdan,
Bilmeýärin ol nämäniň owazy.
Bir diňlesem, yüregimde yaňlanýar,
Bir diňlesem, meniň sazym däl ýaly.

Nirede gözbaşy agyr ökünjiň?
Bagyrdamy, öýkendemi, ýürekde?
Çagalykda galdy oýun künjegi,
Oýun oýnamok men indi bu çakda.

Köýen söygüsini hala dokaýan,
Gyz ýüregniň sesi – daragyndanmy?
Ýa bu ses bukulyp, keýigi atýan
Daş ýürek awçynyň ýaragyndanmy?!

Ýowuz urşda balasyny aldyran,
Naçar enäň nalyşymyň ýa-da sen?
Söýgisini Zöhre gyza bildiren
Tahyryň sesimi, gadymdan galan?!

Gije-girim çola ýollardan barýan
Ökjeli köwüşleň aýak sesimi?
Ýuwan gülkä her ädimde bat berýän
Haýasyz gelinleň iň bir pesimi?

Ýa bolmasa, dünýä inen babegiň
Ilkinji ýaňlanan iňňäsimi sen?
Haýa bilen galdyranda gabagyn,
Bir gözeliň atan iňňesimi sen?

Tanyş owaz gelýär uzak bir ýerden,
Bilip bilemok men nähili owaz.
Guşlaryň sesine meňzeýär birden,
Birdenem dutara meňzeýär ol saz.

Powered by OrdaSoft!