Meniň inçe duýgularmy jylawlap,
Öz islän ugruna ýöreden dilber.
Gözel görki bilen gözümi baglap,
Ýüregimi gar dek ereden dilber!

Bu günem sen ýakdyň meni oduňa.
Derdimi dep etjek perman tapylmaz.
Sen ýanaňda, kim ýeterkä dadyňa?
Ýüregiň ýananda, derman tapylmaz.

Gyzyl güller daşyň alyp durmaz seň,
Çünki sen söýgiňi bilmediň aýap.
Meniň üçin bu gün seniň bolşuň geň,
Ýat bolupdyr saňa edepdir-haýa.

Günler geçer, menem senden sowaryn,
Başga bir heserem körär ýürekde.
Men özge birine diýerin ýarym,
Ýöne ýatlamalar galar sen hakda.
Maňa düşünersiň, ýitirip belki?
Menem sensiz galyp, etmerin perýat.
Aradaky salam ýitmese ilki,
Baş atyşsak, bolmarys biz ýedi ýat…

Powered by OrdaSoft!